BMGÖM Türkmenistanda Oba hojalyga maslahat bermek baradaky kanunyny taýýarlamak işine ýardam berýär

August 25, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 25-nji awgusty: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň,  BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki  «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen  meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş – ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» taslamasynyň çäklerinde "Türkmenistanda oba hojalygy maslahat beriş ulgamy barada" kanunynyň taslamasyny düşünmek üçin onlaýn tegelek stol geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilelikde ýolbaşçylyk etdi we dürli milli edaralara wekilçilik edýän milli bilermenler hem-de huhukçylar topary, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Suw serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, welaýat we etrap häkimlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň we ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylara “Türkmenistanda oba hojalygy maslahat beriş ulgamy barada” Türkmenistan Kanunynyň taslamasynyň konsepsiýasy hödürlendi. Şeýle hem gatnaşyjylara oba hojalyga maslahat beriş ulgamyna gatnaşýan Agro-maglumat merkezleriniň, döwlet edaralarynyň we kärhanalaryň mundan beýläk teklip edilýän hukuk binýadynyň ösdürilmegine we kabul edilmegine hemaýat bermek  üçin tekliplere garadylar.

Türkmenistanda oba hojalyga maslahat bermek barada kanunçylygynyň   işlenip düzülmegi, bu ugurda berk hukuk binýadyny döretmek arkaly ýurtda agrosenagat pudagynyň durnukly ösüşi üçin institusional gurşawy döretmäge gönükdirilen taslamanyň maksatlaryndan biridir. Ekerançylar maýa goýumlaryndan has köp girdeji gazanmak we oba hojalygynyň durnukly önümçiligini döretmek üçin  maslahat beriş guramalaryndan hünär goldawyny alýarlar. Oba hojalygy boýunça şeýle maslahat beriş ulgamynyň bolmagy öndürijiligi we netijeliligi ýokarlandyrýar, şeýle hem durnukly ösüşiň gazanylmagyna goşant goşýan maslahat hyzmatlary bazarynyň has giň ösüşini ýokarlandyrýar.

Tegelek stol, hukuk pudagyndaky ökde hünärmenleri çekmek, bilim we tejribe alyşmak, bar bolan kanun taslamalaryna hem-de kadalaryna täzeden garamak üçin pikir alyşmakda bilelikdäki tagallalar üçin platform döretmek arkaly  BMGÖM taslamasynyň hyzmatdaşy USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Döwlete goldaw bermek maksatnamasynyň tehniki ýardamy  bilen gurnaldy.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasy 2016-njy ýylda öz işine başlady we Türkmenistanyň  Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan, oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň durnukly ösüşi üçin howanyň üýtgemegini hasaba almak bilen, uýgunlaşma çäresini ulanmagy goldamaga gönükdirilendir.

Taslamanyň goşmaça gymamatlylygy taslamanyň çäklerinde ýurduň iň gurak sebitleriniň daýhanlary oba hojalygynda howanyň üýtgemeginiň we beýleki tebigy töwekgelçilikleriň netijesinde suw serişdeleriniň örän ýiti ýetmezçiligi duýulýan döwüründe özleriniň gowşaklyklaryny kemeltmäge zyýan berýän örän kyn päsgelçilikleri ýeňip geçerler.