BMGÖM-sy Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşigi tarapyndan akkreditasiýa alynmak üçin Adalatçynyň diwanynyň Ýol kartasyny işläp düzmekde goldaw berýär

October 1, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry: Adalatçynyň diwany Türkmenistanda BMGÖM-niň goldawy bilen “Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşigi tarapyndan akkreditasiýa alynmak üçin Adalatçynyň diwanynyň Ýol kartasy” atly iki günlük onlaýn seminara gatnaşdy. Seminar Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşiginiň öňki ýörite wekili professor Alan Miller tarapyndan geçirildi.

Seminarda professor Miller gatnaşyjylary Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşiginiň akkreditasiýa prosesini, tertibini we zerur proseduralaryny tanyşdyrmak bilen arzany taýýarlamak bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça, şol sanda kanun esaslary, Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk hasabaty, şikaýatlara garamak we BMG-niň adam hukuklary babatynda ulgamy, şeýle hem raýat jemgyýeti guramalary bilen gatnaşyk ýaly meseleler boýunça görkezmeleri hödürledi.

Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşigi 1993-nji ýylda adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak boýunça milli guramalaryň Halkara utgaşdyryjy komiteti hökmünde döredildi. 2016-njy ýyldan bäri ol Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşigi diýlip atlandyrylýar we dünýäniň dürli künjeklerinden Milli hukuk goraýjy edaralaryny bir ýere jemleýän we agzalardan ybarat bolan ulgamlaýyn guramadyr. 2021-nji ýyla çenli Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşigi 118 agzadan ybarat boldy: “A” statusly 86 sany milli hukuk goraýjy edaralar we “B” statusly 32 sany milli hukuk goraýjy edaralar. Bilermenleriň bahalandyrmasyna esaslanýan özboluşly akkreditasiýa prosesiniň çäginde Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşigi özbaşdak milli hukuk goraýjy edaralaryň öz garaşsyzlygyny, plýuralizmi we jogapkärçiligini üpjün etmegi üçin Pariž ýörelgeleri ýaly halkara derejesinde ykrar edilen ülňülerine eýermegini üpjün edýär.

“Aýratyn-da, şahsyýetlere ýardam bermek (şikaýatlara garamak ýa-da kanuny ýardamy bermek arkaly), adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça işlere gözegçilik etmek; Hökümete we mejlise adam hukuklary babatynda halkara kadalaryny berjaý etmek barada maslahat bermek; halkara hukuk goraýjy mehanizmlerine hasabat bermek we adam hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak arkaly adam hukuklary medeniýetini ösdürmek bilen Milli hukuk goraýjy edaralaryň adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek boýunça konstitusional mandatly garaşsyz edaralar hökmünde ornuny bellemek isleýärin. Şonuň üçin Milli hukuk goraýjy edaralary raýat jemgyýeti bilen döwletiň arasynda, şeýle hem döwlet we halkara bileleşigiň arasynda köpri bolup hyzmat edýär"- diýip Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekiliniň kömekçisi Röwşen Nurmuhammedow aýtdy.

2-nji oktýabrda, seminaryň ikinji gününde Adalatçynyň diwany alyp barýan işlerinde Bütindünýä döwürleýin synynyň (BDS) we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ähmiýeti babatynda maslahat geçirer, bu ýerde halkara hünärmeni akkreditasiýa taýýarlanmak prosesinde möhüm bir ädim hökmünde BDS/DÖM durmuşa geçirmekde Adalatçynyň diwanynyň gatnaşmagy barada teklipleri hödürlär. Bu ýygnakda iki günlük seminaryň jemi jemlener we Adalatçynyň diwanynyň Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bütindünýä bileleşiginiň agzalygyna girmegi üçin arzasyny öňe sürmek üçin işler kesgitlener.

Bu möhüm başlangyç Finlýandiýa we Kanada hökümetiniň maliýe goşandy bilen goldanýar.

***

Bellenilip geçilen çäreler Türkmenistanda BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak" taslamanyň çäginde gurnalýar.

Taslama Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryna laýyklykda milli kanunçylygy üýtgetmek we Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek ulgamyny gowulandyrmagy maksat edinýär.