BMGÖM-niň howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin maslahaty

July 1, 2021

29–30-njy iýun 2021 ý.: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Hökümet edaralaryndan, hökümete dahylsyz we dürli ýurtlaryň halkara guramalaryndan bolan 136-dan gowrak wekilleriň gatnaşmagynda “Ýewropada we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler barada bilimi we habardarlygy ýokarlandyrmak” atly üçünji sebitleýin maslahatyny geçirdi.

Çäräniň maksady BMGÖM-niň “Howa gutusy” atly howa barada sebitleýin bilim beriji başlangyjynyň netijelerine laýyklykda, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi babatynda bilimi artdyrmak, habardarlygy ýokarlandyrmak we gatnaşygy ösdürmekde goldaw bermekdir. Wirtual gönüşde geçirilen sebitleýin gepleşikler ýurtlaryň we gyzyklanýan taraplaryň arasynda howa babatynda maglumatlary ýaýratmagy we bilimi paýlaşmagy maksat edinýär. Maslahat aşakdaky mowzuklara bagyşlanan 3 bölümden ybarat boldy:

·        Sebit boýunça bilim bilen paýlaşmak we howa babatynda bilim boýunça öňdebaryjy tejribeleri öňe sürmek;

·        Sebitdäki dürli mekdeplerde we jemgyýetlerde durmuşa geçirilen howa babatynda üstünlikli hekaýalary, gazanylan üstünlikleri we innowasion taslamalary öňe sürmek we höweslendirmek;

·        Sebitde howa babatynda bilimi artydyrmak we habardarlygy ýokarlandyrmak üçin amala aşyrylmaly işler boýunça teklipleri hödürlemek we garaýyşlar bilen paýlaşmak.

Maslahata ÝUNESKO, Birleşen Milletler Guramasynyň Ylmy we gözleg Instituty (UNITAR), Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy, howanyň üýtgemegi boýunça meseleler bilen meşgullanýan meşhur alymlar, şeýle hem ylmy işgärler gatnaşdylar we olar ýaşlaryň hem jemgyýetiň beýleki agzalary bilen deňlikde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin gönükdirilen çäreleri meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek işlerine gatnaşmaga hukuklarynyň bardygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem maslahata mugallymlar gatnaşdy, olar öz mekdeplerinde “Howa gutusy” barada bilimleri bilen paýlamak, ýaşlary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çemeleşmelere çekmek we netijeler boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, “Howa gutusy” başlangyç we orta mekdep okuwçylary üçin howanyň üýtgemegi baradaky maglumatlardan we okuw gurallaryndan ybaradat bolan, mugallymlara we okuwçylara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler barada öwrenmäge ýardam bermek üçin işlenip düzülen giňişleýin okuw guralydyr. Bu okuw guraly BMGÖM-niň sebit boýunça 8 ýurdy öz içine alýan sebitleýin bilim başlangyjynyň çäginde işlenip düzüldi. Umuman aýdylanda, gollanmanyň okuw meýilnamasyna girizilmegi oňyn netijeleri görkezdi, sebäbi ol okuwçylaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerini has giňişleýin düşünmegine, bu meseleleri öwrenmegine, şeýle hem beýleki degişli dersleri öwrenmegine höwes döretdi.

Türkmenistanyň tarapyndan bu çärä ýurduň bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Durdyýew Sapargeldi we Aşgabadyň orta mekdepleriniň mugallymlary Batyrowa Maýa we Rotaru Tatýana.  Türkmenistanyň wekilleri BMGÖM-niň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi we Bütindünýä Daşky gurşaw gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň gurakçylyga sezewar bolan sebitlerinde oba hojalygy jemgyýetleriniň howanyň ýaramaz täsirlerine garşy durnukly ykdysady ýaşaýyş şertlerini goldamak" atly BMGÖM-niň taslamasynyň çäginde guralan çemeleşmelere we söhbetdeşliklere işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň ikinji gününde “Howa gutusy” başlangyjyny durmuşa geçirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ýaş aktiwistlary şahsy goşantlary we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada çykyş etdiler.

Bu mejlisde Türkmenistanyň adyndan 13-nji DÖM-niň ýaş ilçisi Leýli Ýagşiýewa we Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gaffurowa Nurana çykyş etdiler. Olar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin alnyp barylýan çärelere goşýan goşantlary we “Howa gutusyny” okuw meýilnamalaryna we geljekde taslamalara girizilmegi barada pikirleri bilen paýlaşdylar.

“Howa gutusy” gollanmasynyň uýgunlaşdyrylan görnüşüniň BMGÖM-niň ýardamy bilen neşir edilip, Türkmenistanyň mekdeplerine we bilim edaralaryna paýlanandygyny belläp geçmegimiz hem möhümdir.