Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we onuň hyzmatdaşlary, plastik bilen hapalanma garşy göreşmek babatyndaky tagallalarynyň çäklerinde, okuwçylar üçin “Ýaşyl oýunlar” atly oýunlary guraýarlar

April 20, 2022

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 22-nji apreli: 22-nji aprelde, Halkara Ene toprak güni mynasybetli, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti we beýleki hyzmatdaşlary bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylary üçin “Ýaşyl oýunlar” atly oýunlary gurady.

Bu çäre 3 topara bölünen okuwçylaryň arasynda plastik galyndylaryny ýygnamak boýunça bäsleşik görnüşinde guraldy, we ýurduň ýaş raýatlary bilen plastik galyndylary bilen hapalanmanyň meselesine hem-de plastigiň daşky gurşawa we tebigy baýlyklara ýetirýän zyýanly täsirini ara alyp maslahatlaşmaklyga bagyşlanan Açyk pikir alyşmany öz içine aldy. “Çäräniň maksady okuwçylaryň ekologiýa babatyndaky aň-biliminiň derejesini ýokarlandyrmakdan we olaryň ekologiýa bilen baglylykda adam saglygyna howp salýan we daşky gurşawa zyýan ýetirýän hereketleri azaltmaklyga gönükdirilen özüni alyp barşyny kemala getirmekden ybarat. BMG-niň Öm-niň we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň menejeri jenap Batyr Ballyýew: “Çagalara serişdelerden rejeli peýdalanmaga we galyndylary dogry dolandyrmaga höweslendirip, biz olara ekologiýa taýdan arassa we durnukly bolmagy öwredýäris” diýip belledi. 

Ýaş meýletinçileriň we ekologiýany gorap saklamak babatynda işjeň çykyş edýän adamlaryň gatnaşmagynda geçen bu çärede plastik galyndylaryny ýygnamak işi okuwçylara oýnuň üsti bilen görkezilip, olar üçin gyzykly sapaga öwrüldi, olaryň klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleler hakyndaky bilimliligini artdyrdy, olarda plastik bilen hapalanmany bes etmeklige gönükdirilen ekologiýany gorap saklamak babatyndaky özüni barşyny kemala getirmeklige ýardam berdi. “Ýaşyl oýunlaryň” ýeňijileri BGM-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň adyndan baýraklar bilen sylaglandy.

“Ýaşyl oýunlar” bilen bir hatarda, mekdepde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek babatyndaky milli tagallalary goldamaklyga gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäresi geçirildi.

“Bag nahallaryny oturtmak bilen, biz tokaýlary dikeltmek babatyndaky milli tagallalara öz goşandymyzy goşýarys, zyýan çeken ekologik ulgamlary dikeldýäris we klimatyň üýtgemeginiň zyýanlaryna garşy durmakda ýardam berýäris” - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň ekologiýa portfeliniň maksatnama analitigi Farhat Orunow belledi. “Şeýle ekologiýa babatyndaky başlangyçlar çagalara we ýetginjeklere adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyk hakynda ýatladýar we olara baglaryň Ýer şarynyň klimatik ulgamyndaky orny hakynda gürrüň berýär”.

***

The project "Sustainable Cities in Turkmenistan: Integrated Green Urban Development in Ashgabat and Avaza”, funded by the Global Environmental Fund (GEF) and UNDP, is aimed at promoting the development of sustainable cities and reducing the negative impacts of urban growth in the country, such as reducing greenhouse gas emissions and air pollution, impact of increasing energy consumption and household waste, as part of the country’s efforts to achieve the socio-economic development goals. The project provides technical assistance, institutional and policy support, and promotes behavioral change in relation to efficient use of resources and waste management covering Ashgabat and Avaza, as well as creates a basis for replicating the results in other cities in Turkmenistan.