BMGnyň Ösüş Maksatnamasy, Türkmenistanda klimatyň üytgemegi bilen bagly meselelere bagyşlanyp geçirilen Ýaşlaryň 1-nji maslahatyna gatnaşdy

October 8, 2021

Şu gün Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň hünärmenleri, Türkmenistanda klimatyň üytgemegi bilen bagly meselelere bagyşlanyp, utgaşdyrylan tertipde geçirilen Ýaşlaryň 1-nji maslahatyna gatnaşdylar.

Bu Ýaşlaryň maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy, Beýik Britanyýanyň ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň klimatyň üýtgemagi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň Türkmenistandaky Milli utgaşdyrjysy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň/Global ekologiýa gaznasynyň/Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň ýolbaşçysy, Batyr Ballyýew, Türkmenistanyň çäklerinde  klimatyň üýtgemegi bilen bagly, Birleşen Milletler Guramasynyň ýardam bermeginde alnyp barylýan strategiki çäreler barada habar berdi. Şeýle-hem ol “Klimatyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň” maksatlary  we strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilýän, klimatyň üýtgemegi barada 4-nji Milli habarnamanyň taýýarlanylyşy, Birleşen Milletler Guramasynyň klimatyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ilkinji, 2-ýyllyk täzelenen hasabatyny hem-de Milli dereje-de kesgitlenýän klimatyň üýtgemegi bilen bagly geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada, Maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Ýaşlar maslahaty talyp ýaşlary, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň  ýaşlarynyň wekillerini, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçilerini we beýleki işjeň ýaşlary bir ýere jemledi hem-de klimatyň üýtgemegi bilen bagly esasy meseleler boýunça özara pikir alyşmaga we klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda  ýerli ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berdi.

Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň taslamasynyň hünärmenleri, Jemal Durdykowanyň we Gözel Atamyradowanyň alyp barmagynda Ýaşlar Maslahaty bölümçelerde dowam etdirildi. Bölümçeleriň işine döwlete degişli däl taraplaryň  we jemgyýetleriň daşky gurşawy goramak barada alada edýän wekilleri gatnaşdylar.  Toparlaýyn geçirilen söhbetdeşliklerde, işjeň ýaşlar üçin klimatyň üýtgemegi barada özara pikir alyşmaga we klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda çözgütleri we teklipleri taýýarlamaga  mümkinçilikler döredildi.

Maslahata gatnaşyjylar klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň jemleýjy tekliplerini  taýýarladylar. Bu teklipler ýaşlaryň global ýüzlenmesine (COY16) goşular we şu ýylyň noýabr aýynda dünýä liderleriniň (COP26) garamagyna hödürlener.

Şeýle-hem klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça, geljek ýylda amala aşyrylmaly çäreleriň ýol kartasy taýýarlanyldy.