BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasy, Türkmenistanyň tebagaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde, Hazar deňziniň kenaryny arassalamak boýunça çäreleri geçirýär

July 4, 2022

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasy, Türkmenistanyň tebagaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde, Hazar deňziniň kenaryny arassalamak boýunça çäreleri geçirýär

BMGÖM Türkmenistanda

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasy tarapyndan, Türkmenistanyň tebagaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde, Daşky gurşawy garamagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ne, Hazar deňziniň kenaryny arassalamak boýunça ekologiýa çäresi geçirildi.

Geçirilen ekologiýa çäresine, BMGÖM-nyň we TTGJ-nyň işgärleri şeýle-de ýerli ýaşaýjylar  gatnaşdylar we Hazar deňziniň kenaryny arassalamak boýunça nusgalyk işleri ýerine ýetirdiler. Geçirilen çäreler, daşky gurşawy gorap saklamak maksady bilen, ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de jemgyýetimiziň daşky gurşawa garaýşyny kämilleşdirmäge nusga we görelde boldy.

“Klimat boýunça Parij ylalaşygy, bütin dünýäde ekologiýany goramak boýunça bize ýörelgedir, bellenen maksatlara ýetmek üçin biz jogapçärçilik çekýäris”,- diýip BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň ýolbaşçysy Batyr Ballyýew belläp geçdi. “Biz ynsanlar, Ýer şaryny goramak boýunça başlangyçlara özümiziň şahsy goşandymyzy goşmalydyrys hem-de hemmeler üçin durnukly gelejegi gurnamakda ýurdumyzyň Hökümetiniň alyp barýan işlerini biziň ählimiziň goldamagymyz zerurdyr. Biziň her birimiziň goşandymyz, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde global hereketleriň netijesini ýokarlandyrýar”

“Şu gün biz, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde, ekologiýa babatda ýurdumyzyň ilatynyň bilimini artdyrmaga we ynsanlary habardar etmäge gönükdirilen, ekologiýa çärelerini geçirýäris hem-de  durnukly ekologiýäny durmuşymyza ornaşdyrmaga jegyýetimiziň ünsini çekýäris”, - diýip  Türkmenistanyň tebagaty goramak jemgyýetiniň bölüm başlygy Merdan Arazmedow belläp geçdi.

***

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günü her ýylda iýun aýynyň 5-ne bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasy, bu bütindünýä gününde daşky gurşawy goramagyň zerurlygyny dünýaniň ähli ynsanlaryna düşündirmek  bagly çäreleri geçirýär we ýer şaryny goramaga gönükdirilen hereketleri höweslendirýär.

2022-nji ýyl “Diňe Ýeketäk Zemin” diýip atlandyryldy hem-de dünýäniň ahli ynsanlaryny tebigat bilen sazlaşykly, ekologiýa taýdan arassa we durnukly durmuşy alyp barmaga çagyrylýar.