BMGÖM ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrýar

April 8, 2022

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda daşky gurşaw babatynda we howanyň üýtgemegine garşy alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem daşky gurşaw barada habardarlygy ýokarlandyrmaga we ilatyň içinde ekologiýa taýdan oňyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge gönükdirilen başlangyçlara ýaşlary çekmek üçin ýaş eko-aktiwistler bilen duşuşyk geçirdi.

“Açyk gepleşik” görnüşinde geçirilen ýygnakda BMGÖM-niň hünärmenleri gatnaşyjylary daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we energiýa babatynda bar bolan bilelikdäki taslamalary bilen tanyşdyrdylar we ekologiýa taýdan oňyn kararlary bermek üçin pikir we bilim alyşmak üçin platforma bilen üpjün etdiler.

"BMGÖM ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär we hemmeler üçin durnukly we adalatly geljegi gurmak ugrundaky tagallalaryna işjeň gatnaşmaklaryny makullaýar" -diýip, BMGÖM-niň hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy. "Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ýaşlary ekologiýa taýdan oňyn başlangyçlara çekmek barada aýdanymyzda, BMGÖM ýaşlara global daşky gurşaw meselelerinde şahsy orunlaryny düşünmäge we öz durnukly çözgütlerini ulanmaklaryna mümkinçilik döredýär."

Duşuşygyň gatnaşyjylary, Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy we BMGÖM-sy tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” taslamasynyň çäginde galyndylary durnukly dolandyrmagyň ýörelgeleri bilen tanyşdylar hem-de durnukly durmuş ýörelgerini ornaşdyrmak üçin alnyp barylýan işlere ýurduň ýaşlaryny çekmek üçin dürli usullary ara alyp maslahatlaşdylar.

“Aýratyn we köpçülikleýin kararlar we hereketler, bize durnukly gelejegi gurmaga ýardam edip biler, çünki howanyň üýtgemegine garşy göreş hemmeleri gyzyklandyrýan umumy meseledir. Şeýlelik bilen, biz ekologiýa taýdan oňyn durmuş ýörelgelerini diňe özümiz alyp barman, eýsem beýlekileri hem durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmaga çagyrmalydyrys" – diýip, BMGÖM-niň maksatnamalar bölüminiň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhammedow aýtdy.