Page content

BMGÖM Türkmenistanda

DOLANDYRMA, YKDYSADYÝETIŇ DIWERSIFIKASIÝASY WE INKLÝUZIW ÖSÜŞ

Maksatnamanyň syny

“Dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inkýuziw ösüş” maksatnamasy adam hukuklary we kanunçylyk meselelerinden başlap, statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak, sanly jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmek we Türkmenistanyň sosial we ykdysady gurluşlaryny özgertmek ýaly dürli bukjalara eýedir.

BMGÖM Türkmenistanda degişli milli institutlaryň ösüşini goldamak, adam mümkinçiliklerini güýçlendirmek we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek ýaly milli meýilnamalara we ileri tutulýan ugurlara laýyklykda inklýuziw gatnaşyga goldaw bermek arkaly demokratik ýörelgeleri berkitmäge, ykdysady görkezijileri we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar. Bu, Birleşen Milletler Guramasynyň şertnamalaýyn guramalaryna taýýarlyk görmek we hasabat bermek, sebitleýin we global ykdysady we söwda proseslerine gatnaşmagy artdyrmak, iş we zähmet mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we sanly jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmek arkaly döwlet dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak üçin milli mümkinçilikleri öz içine alýar.

Bu maksatnama, BMG-niň özgertmeleriniň çäginde DÖM-leriň birleşdirijisiniň roluny ýerine ýetirmek üçin BMGÖM-iň özgertmelerine we tagallalaryna goldaw bermek bilen Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmekde we durmuşa geçirmekde möhüm goşant goşdy.

Gender deňligi BMGÖM-iň işiniň özenidir. Global tendensiýalaryna garaman, Türkmenistandaky BMGÖM, gender deňligini we dolandyryşda, ykdysady diwersifikasiýa hem-de inklýuziw ösüşde zenanlaryň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.

Zenanlara okuw, halypaçylyk, iş üpjünçiligi we telekeçiligi ösdürmek arkaly ykdysady taýdan ýeterlikli bolmaga kömek edýäris. Zenanlara we gyzlara sanly başarnyklary güýçlendirmek, innowasiýa ideýalaryny döretmek we tehniki zehinlerini ulanmak üçin platforma hödürlemek we hemmeler üçin durnukly we öz inklýuziw geljegi döretmek üçin IKT-de öňe gitmegi höweslendirmek üçin milli we ösüş hyzmatdaşlarymyz bilen birleşýäris.

Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gender esasly zorluga garşy köptaraplaýyn jogap bermegi we Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda jyns we gender esasly zorlugy we zyýanly tejribeleri ýok etmek üçin işleýäris.

Her pursatda, ýurduň ykdysady ösüşiniň esasyny düzýän adam ösüşine ýardam berýäris. Işlerimiziň netijeleriniň yzygiderli bolmagyny we Türkmenistanyň halkyna uzak möhletleýin oňyn täsir etmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalary edýäris. Ýurduň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan özgertmelere goşant goşýarys, bilimi artdyrýarys we innowasiýalary höweslendirýäris, hiç kimi yzda galdyrmaýarys.

BMGÖM Türkmenistanda

Giňişleýin maglumat

BANK SEKTORYNDA AÝDYŇLYK

Türkmenistan öz ykdysadyýetini sanlylaşdyrmaga girişýändigi bilen baglylykda, ýurduň öňünde birnäçe möhüm wezipeler durýar. Döwlet we hususy sektorda işleýänleriň özgertmäni doly manyda geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek; ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda endigan ilerlemäni we özgertmäni meýilleşdirmek; işiň ähli ugurlarynda sanly Türkmenistanyň konsepsiýasyny amala aşyrmak. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyryşyň ilkinji ädimlerini edenler prosesiň mundan beýläki ösüşi üçin hususy başlangyçlary bilen öňe çykýarlar.

Döwlet daşary ykdysady iş banky (DDYIB) sanly banking hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýan orta möhletli işewürlik strategiýasynyň işlenip düzülmeginde BMGÖM bilen hyzmatdaşlyk edýär. BMGÖM-niň tehniki goldaw etmegi bilen, DDYIB DÖM-iň amala aşyrylmagy we işewürlik proses-leriniň ornaşdyrylmagynyň we ýurduň bank sektorynyň sanly özgerişiniň goldanmagy maksady bilen halkara ösüşiň maliýeleriniň has netijeli dolandyrylmagy üçin öz mümkinçiliklerini giňeltmäge ymtylýar.

MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ MÜMKINÇILIKLERINIŇ GIŇELDILMEGI

Ilatyň gowşak gatlaklary barada alada etmek sosial deňligiň ilerledilmegine mümkinçilik berýär we ykdysadyýetiň ösmegine ýardam berýär. Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlara hukuklaryň we sosial we ykdysady sektorlara gatnaşmaga mümkinçilikleriň berilmegi 120000- den gowrak adamy öz içine almagy aňladýar. BMGÖM Türkmenistanyň raýat jemgyýetçiligi bilen bilelikde maýyplyk temasy boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak we sosial stigmany ýok etmek boýunça birnäçe başlangyçlary amala aşyrdy we her ýyl çäreleri teklip edýär.

2015-nji ýylda gysga möhletli kurslardan başlap, BMGÖM Türkmenistanyň Körleriň we kerleriň jemgyýeti we raýat jemgyýetiniň beýleki guramalary bilen bilelikde maýyplaryň bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berdiler. Şeýlelik bilen, maýyplygy bolan adamlar hünär bilim alyp bilýärler we bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşlige ukyply bolup bilýärler. Mundan başga-da, BMGÖM Türkmenistanyň hususy sektorynda maýyplaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Maýyplaryň hukuklaryny ilerletmek boýunça işleriň meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna goşandyny goşdy.

DÖM-NIŇ MONITORING ETMEK BOÝUNÇA STATISTIKI MÜMKINÇILIKLERIŇ GOWULANDYRYLMAGY

2019-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistan Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy forumda özüniň ilkinji Durnukly ösüş ugrundaky maksatlaryň amala aşyrylmagy boýunça meýletin milli synyny (MMS) beýan etdi. Hasabat Türkmenistanyň durnukly ösüş ugrundaky milli gün tertibiniň ilerledilmegine we maglumatlary ýygnamak mehanizmleriniň we hasabatlylygyň kämilleşdirilmegine ygrarlydygyny görkezýär.

MMS taýýarlananda ähli gyzyklanýan taraplaryň hasabata goşant edip bilmeklerine binýat üpjün etmek üçin BMGÖM Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etdiler. Netijede 10- dan gowrak ministrlikler we milli agentlikler, 20 hususy kompaniýalar, 10 raýat jemgyýetçilik guramalary we BMG-niň düzümleýin edaralary özleriniň materiallaryny berdiler we olar hasabatda öz beýanyny tapdylar.

ADAM HUKUKLARYNYŇ ILERLEDILMEGI

Adam hukuklarynyň ilerledilmegine we goralmagyna edilýän ýardam BMGÖM işiniň esasynda ýatyr we ol ösüşiň strategiki we durnukly maksatnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär. BMGÖM Türkmenistandaky köp başlangyçlaryň bad alyş nokady bolup hyzmat edýär. Adam hukuklary biziň maksatnamamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän tema bolup, ol gender deňligi, maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň ilerledilmegi we demokratiki dolandyryşyň üpjün edilmegi ýaly jähtleri öz içine alýar.

2016-njy ýylda BMGÖM 2016-2020 ýyllar üçin adam hukuklary babatyndaky milli hereketler meýilnamasynyň we 2017-nji ýylda Adam hukuklary boýunça adalatçynyň apparatynyň döredilmegine getiren Adam hukuklary boýunça adalatçy baradaky Kanunyň işlenip düzülmegine we kabul edilmegine ýardam berdi.

Biz milli kanunçylygyň Türkmenistanyň kabul edýän ylalaşyklary we jarnamalary boýunça halkara borçnamalaryna laýyk getirmek boýunça hökümetiň tagallalaryny artdyrmagy dowam edýäris. Biz Türkmenistany halkara hukuk goraýyş mehanizminiň maslahatlaryny ýerine ýetirmäge çekmäge ýardam edýäris. Hususan-da, biz hökümetiň Adam hukuklary boýunça BMG-niň Geňeşiniň Uniwersal Döwürleýin Syny prosesine we onuň ýerine ýetirilmegine gatnaşmagyny goldaýan esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýäris.

DÖWLET GULLUGYNYŇ ÖZGERTMESINIŇ GOLDANMAGY

Inklýuziw hyzmatlaryň berilmegi üçin döwlet gullugynyň özgertmesiniň goldanmagy durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Netijeli döwlet dolandyryşy üçin bu proses döwlet gullukçylarynyň hünär taýdan gaýtadan taýýarlanmagyny, şol sanda sanlylaşdyrmany we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär.

Şol bir wagtyň özünde işjeň raýat jemgyýetçiligi ýerli bileleşikler derejesinde sosial hyzmatlaryň berilmeginde hökümetiň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galýar we “hiç kimi yzda galdyrmaly däl” ýörelgesine eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, raýat jemgyýetçiligi bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda netijeli gepleşikleriň sazlanmagy netijeli özara gatnaşyk edilmegi we ýurtda raýat jemgyýetçiliginiň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi üçin esasy başlangyç nokady boldy.

MERKEZI AZIÝADA ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY

Ýaşlaryň energiýasyny, çeýeligini, açyklygyny we dinamikalaryny radikallaşmagyň we ekstremizmiň ýaýramagyna we täsirine garşy mümkin bolan oňyn iteriji güýç hökmünde mobilizirlemek iňňän wajyp bolup durýar. Türkmenistanda biz ýaşlaryň arasynda özara goldawy üpjün etmek gymmatlyklaryny ösdürmek üçin köpçülikleýin çemeleşmäni ulanýarys. Hususy we döwlet sektorlaryndan bilermenler topary tarapyndan ýaşlaryň maksat edinilýän toparlaryna olaryň hünär we işewir endikleriniň ösdürilmegine goldaw berilýär.

Işsizler we öň tussaglykda bolanlar ýaly gowşak ýaşlar toparlaryna gönükdirilen kär-hünär taýdan ugrukdyrma, işleriň alnyp barylmagy, maslahat berme we höweslendirme ýaly zähmet bazarynda işjeň maksatnamalaryň täze usulyýetleriniň ornaşdyrylmagy üçin 2018-nji ýylda BMGÖM Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet we iş bilen üpjünçilik gullugy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Taslamanyň çäklerinde synap görmek maksady bilen Türkmenbaşy şäheriniň Iş bilen üpjünçilik gulluklary täze usulyýet boýunça okuw geçdiler hem-de öz täze bilimlerini tejribede ulandylar we eýýäm gowy öňe gidişlik görkezdiler. 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri şäheriň we goňşy etraplaryň iş bilen üpjünçilik gulluklarynda hasaba alnan ýaş erkekleriň we aýallaryň sorag geçirilişinde kärhünär taýdan ugrukdyrma usu lyny ulanmagynyň netijesinde 80%-i iş tapyp bildiler. Işjeň zähmet bazary usulyýetiniň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ýaş erkeklere we aýallara rezýume ýazmak, aragatnaşyk etmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, işewürlik pikirlerini işläp düzmek, işewürligiň esaslary we işewürlik meýilnamany ýazmak boýunça okuwlary geçmek teklip edildi. Bu okuwlar Türkmenbaşy şäheriniň Ýaşlar guramasy, Iş bilen üpjünçilik gullugy we taslamanyň işgärleri bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.