BMGÖM we hyzmatdaşlar: Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak üçin sanly özgertmeleri öňe sürmek

10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň makalasy

October 9, 2026
Professional woman with short blonde hair and glasses, in a dark blazer, in front of a mosaic.

Saglyk — adamzadyň iň esasy ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bütin dünýäde saglygy goraýyş ulgamlaryndan has köp zat talap edilýär: ir ýüze çykarmak, gysga wagtyň içinde jogap bermek, kynçylyklara durnukly bolmak we hemmelere ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny hödürlemek. Şol bir wagtyň özünde, sanly tehnologiýalar saglygy goraýyş hyzmatlaryny has elýeterli, netijeli we adamlaryň zerurlyklaryna mahsus etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Şu günki günde Türkmenistanda bu özgertmeler eýýäm amala aşyrylyp başlandy. Sanly gurallar, emeli intellekt, bilime we arassa energiýa çözgütlerine elýeterliligiň ýokarlanmagy saglygy goraýyş hyzmatlaryny güýçlendirmäge, we şol bir wagtyň özünde bu ulgamyň özeni bolan lukmanlara, şepagat uýalaryna we barlaghana hünärmenlerine goldaw berýär. Maksat ýönekeý: has elýeterli, durnukly we uzak möhletleýin ösüşe ukyply saglygy goraýyş ulgamyny döretmek.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, biz öz jemgyýeti üçin yzygiderli zähmet çekýän her bir lukmanyň, şepagat uýasynyň we barlaghana hünärmeniň öz işine bolan ygrarlylygyna we yhlasyna hormat goýýarys. Tehnologiýalar olaryň işini goldap biler, ýöne olaryň hünär ussatlygy, rehimdarlygy we öz işine bolan ygrarlylygy saglygy goraýyş ulgamynyň özeni bolup galar.

25 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda BMGÖM Türkmenistana döwlet hyzmatlaryny has netijeli, elýeterli we ilatyň zerurlyklaryna laýyk gelýän derejä ýetirmekde goldaw berip gelýär. Şu gün biz bu tejribäni saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrýarys; bu ýerde sanly innowasiýalar adamlaryň durmuşyna gönüden-göni we aýdyň özgerişleri amala aşyryp biler.

Mysal üçin, inçekeseli bejermek meselesine seredeliň. BMGÖM-nyň goldawy bilen näsaglar "Wideo arkaly goldaw bejergisi" we "Akylly derman gutulary" ýaly ýönekeý sanly gurallary ulanýarlar; olar näsaglara her gün hassahana barmazdan, öý şertlerinde dermanlaryny kabul etmäge mümkinçilik berýär. "Diňe dermanlarymy kabul etmek üçin bir sagat ýola sarp edilýän kynçylygyň bolmazlygy mana uly ýardam etdi" diýip, bir ene belläp geçýär. "Indi men çagalarymy mekdebe äkidip, ertirlik naharymy edinip we dermanlarymy rahatlyk bilen kabul edip bilýärin." Ýaş talyp gyz bolsa, "Akylly derman gutusynyň" oňa jemgyýetiň çetleşdirmesinden (stigmadan) daşda durup, özüni ynamly we gizlinlik şertlerinde duýmaga kömek edendigini belläp geçdi. Bular ýönekeý tehnologiýalar, emma olaryň täsiri adamlaryň oňaýyna gönükdirilendir: olar näsaglara has köp ýeňillik, gizlinlik we mertebe berýär.

Şol bir ýörelgäni keselleri anyklamakda we bejermekde hem ulanýarys. Biz inçekesele garşy göreşmek ulgamynda emeli intellekti ulanýarys. CAD4TB ulgamy döş kapasasynyň rentgen suratlaryny çalt we takyk anyklaýar, inçekesel alamatlary bolan we goşmaça barlaga mätäç adamlary ýüze çykarýar. Häzirki wagtda bu ulgam Lebap welaýatynda umytly netijeleri görkezip we saglygy goraýyş işgärlerine inçekeseli irki döwürlerinde ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Inçekeselden başga-da, biz saglygy goraýyş işgärleri üçin ykjam goşundylary döretdik, meselem: inçekesel we ýokanç däl keselleri üçin bejeriş tertipleri yagny, bejeris ptotokollary, barlaghana amallary we derman serişdeleriniň soragnamalary döredildi we bularyň hemmesi türkmen dilinde elýeterlidir. Lukmançylyk enjamlaryny QR-kod yzarlaýyş ulgamy arkaly hassahana işgärleri tarapyndan olara gözegçilik etmek üçin ýönekey ykjam goşundy döredildi.. Biz lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we barlaghana hünärmenleriniň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary geçirilýäris — olar ýokanç kesel merkezlerinden başlap, tiz wagtda ýurduň ähli sebitlerine hem ýaýratmaklygy meýilleşdirilýär

Meniň üçin bu innowasiýalar has uly ähmiýete eýe bolup, olar saglygy goraýyş işgärleriniň işini ýeňilleşdirmäne we näsaglaryň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesini ýönekeýleşdirmäne ýardam berer. Telefonda arkaly elýeterli bolan bejeriş protokollary, QR-kod arkaly yzarlanyp bilinýän enjamlar ýa-da zerur bolmadyk ýol hereketini azaldyp biljek sanly gurallar ilki seredeniňde kiçi üýtgeşmeler ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma bilelikde olar özara baglanyşykly, netijeli we geljege taýyn saglygy goraýyş ulgamyny döretmäge kömek berýär.

Biz uglerod zyňyndylaryny azaltmak bilen bir hatarda, Ýolöten etrap hassahanasyndakytäze doglan bäbekleriň intensiw bejergi bölümlerini, dogrum bölümlerini we barlaghanalary bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etjek üçin güneş fotoelektriki panellerini gurnamak arkaly, saglygy goraýyş ulgamyny "ýaşyl" energiýa bilen üpjün edýäris. Sebäbi durnukly saglygy goraýyş ulgamy ygtybarly we dowamly infrastruktura hem baglydyr.

2021-nji we 2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM-nyň saglygy goraýyş boýunça global taslamasy tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilen möçberi 195 million ABŞ dollaryna ýetdi; bu bolsa ýurt boýunça 120 görnüşden gowrak zerur derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmäge we 121 sany saglygy goraýyş edaralaryny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Bu maýa goýumlar bize sanly innowasiýalaryň, saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek, hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek we durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň bir bölegi bolanda has netijeli bolýandygyny ýatladýar.

Elbetde, bularyň hiç biri hyzmatdaşlarymyz – Türkmenistanyň Hökümeti, AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreş boýunça Global Gaznasy hem-de "Stop TB Partnership" guramasy, Global derman serişdeleri merkezi (Global Drug Facility) bilen berk hyzmatdaşlyk bolmadyk ýagdaýynda amala aşyryp bolmazdyi. Geljege nazar aýlap, biz özüni gowy tarapdan görkezen çäreleri giňeltmegi maksat edinýäris: has köp näsagyň öýüne ýakyn ýerde zerur bolan bejergini almagyny, saglygy goraýyş işgärlerini iň täze maglumatlar bilen gysga wagtyň içinde üpjün etmnek we saglygy goraýyş edaralarynyň arassa hem-de ygtybarly energiýa bilen işlemegini gazanmak isleýäris. Emma biziň maksadymyz diňe bir täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen çäklenmän eýsem, – bu çözgütleriň saglygy goraýyş ulgamynyň bir bölegi bolmagyna, ýagny milli edaralara ornaşdyrylmagyna, ýerli hünär ussatlygy bilen goldanylmagyna we geljekde uzak ýyllaryň dowamynda saklanylmagyna ýardam bermekdir.

Şu ajaýyp günde, men Türkmenistandaky ähli saglygy goraýyş işgärlerine her günki aladalaryňyz, täze çemeleşmelere açyklygyňyz we özgertmeleri kabul etmek bilen adamlary hemişe merkezi orunda goýýanlygyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Siziň rehimdarlygyňyz, işe ygrarlylygyňyz we innowasiýalara bolan höwesiňiz, has sagdyn, güýçli we inklýuziw geljegi gurmaga kömek eder.

Sanly özgeriş täze gurallary berip biler. Ýöne esasan olary ulanýan adamlar - saglygy goraýyş işgärleri we näsaglar, - şol gurallara many berýärler. BMGÖM bu ýolda siziň ygrarly hyzmatdaşyňyz bolandygyna buýsanýar!